2020-nji ýylyň nobel komitetiniň habaryna görä, himiýa ugry boýunça Nobel baýragynyň ýeňijileri yglan edildi. Ýagny, ýaryşyň tertipnamasyna görä, haýwanlarda we adamlarda genleri redaktirlemek üçin ulanyp boljak “CRISPR – Cas9” ulgamyny oýlap tapan, Fransiýaly Emmanuel Şarpantýe we ABŞ-dan Jennifer Daudne himiýa ugrunyň nobel baýragyna mynasyp boldular.
Mundan başga-da, nobel baýragynyň lukmançylyk ugry boýunça ýeňijiler amerikaly Çarlz Raýs bilen Harwi Olter hem-de angliýaly Maýkl Houton mynasyp boldular. Ýagny, alymlar bu açyşynyň üsti bilen, C gepatit wirusy boýunça bu keseli bejermegiň we gan goýbermegiň üsti bilen ýaýramagynyň öňüni almaga kömek etdi. Nobel baýragynyň taryhynda ilkinji gezek himiýa boýunça iki zenan alym birbada bu baýraga mynasyp boldy.
Häzirki wagtda himiýa boýunça Nobel baýragyna iň köp amerikaly alymlar (66 alym) mynasyp bolup, 1901-nji ýyldan 2019-njy ýyla çenli himiýa ugry boýunça Nobel baýragy 111 gezek gowşuryldy. Emma, şu wagta çenli bu baýraga zenan alymlar 5 gezek bu baýraga mynasyp boldy.

Hudaýberdiýew AÝMYRAT
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby