“Aýaks” futbol toparynyň goragçysy Seržino Dest öz karýerasyny “Barselona” futbol toparynda dowam etdirer. Bu barada “Barselona” toparynyň resmi saýty habar berýär.
Destiň transferiniň bahasy 21 million ýewrodyr. Geleşiklerde ýene-de 5 million ýewro bonuslar görnüşinde tölenmegi mümkindigi hakynda aýdylýar. Bu az pul däl. Şonuň üçin hem futbolçy bu ynamy ödemäge çalyşýar. “Barselonanyň” beýle uly nyrhdaky transferi amala aşyrmagy Luis Suares topary terk edenden soň tebigy ýagdaý hökmünde garalýar. Sebäbi indi futbol topary özüniň goragyny pugtalandyrmagy başarmalydyr.
19 ýaşly futbolçynyň şertnamasy 2025-nji ýyla çenli möhletde baglaşyldy. Eger ol şertnamany şol möhletden öň bozsa, onda 400 million jerime puluny tölemeli bolar.