Ýapon alymlary tarapyndan täze ylmy-barlaglar amala aşyrylýar. Ylmy netijeleri hakynda “Change” portaly habar berdi.
Oňa görä, ýaponiýaly hünärmenler gan toparlarynyň içinde birinji gan topary iň howply diýen netijä geldiler. Alymlaryň netijesine görä, şu gan toparynyň eýeleri agyr ýaralanan ýagdaýynda ölüm howpy üç esse köpelýär.
Esasy tarapy, alymlaryň bellemegine görä, birinji topardaky gan plazmasynda az mukdarda Willebrand (gan plazmasyndan glikoprotein) bar. Bu ýagdaý ýaralananda güýçli gan ýitirmek howpuny emele getirýär. Bu bolsa, howply ýagdaýlara we hatda ölüme hem sebäp bolmagy mümkin.
Ýatladyp geçsek, birinji gan toparynyň eýeleri uniwersal donor hasaplanýarlar. Ýöne özleri diňe birinji gan toparyny donor hökmünde kabul edýärler.
Iň howply gan topary anyklanyldy
