Visual Capitalist markerting gözegçiliginiň agentligi smartfon önümçiligini ýola goýýan iň öňdebaryjy kompaniýalaryň reýtingini düzdi. Bu reýtingiň ilkinji basgançagyny Samsung we Huawei kompaniýalary paýlaşdylar. Maglumatlara laýyklykda, şu ýylyň ikinji ýarymynda dünýäniň smartfon satuwynyň 20%-i bu kompaniýalara degişlidir.
Bu sanawda Huawei kompaniýasynyň şeýle netije gazanmagyny bilermenler onuň Hytaý bazarynda satuwynyň ýokarydygy bilen kesgitleýärler. Bu kompaniýa hytaý bazarynyň 46%-i degişlidir. Umumylykda, dünýä bazarynda hem hytaý kompaniýalary smartfon satuwynyň 50%-ini eýeleýärler. Reýtingiň üçünji orny bolsa 14%-e eýe bolan Apple kompaniýasyna degişli.
Bulardan başga-da, smartfon satuwynda ýokary netijeleri gazanmagy başaran kompaniýalaryň hatarynda Oppo, Vivo hem-de Lenovo kompaniýalarynyň atlary getirilýär. Bu kompaniýalar umumylykda 16% netijäni görkezýärler.
Şeýle hem Visual Capitalist markerting gözegçiliginiň agentligi dünýä ýüzünde iň köp peýdalanylýan operasion ulgamlar barada belläp geçdiler. Netijede, adamlaryň 74%-iniň Android ulgamyndan, 25 %-iniň bolsa iOS ulgamyndan peýdalanýanlyklary ýüze çykaryldy.