Ýewropa futbol assosiasiýalarynyň bileleşigi (UEFA) 2020/2021-nji ýylyň futbol möwsüminde Çempionlar ligasyna we Ýewropa ligasyna gatnaşjak toparlaryň baýrak tölegleriniň möçberlerini mäilm etdi. Bu barada The Moscow Postuň habarçysy maglumat berýär.
Umumylykda, bu ýaryşlara gatnaşýan toparlar 1,95 milliard dollara eýe bolarlar. Çempionlar ligasyna gatnaşýan 32 toparyň ählisi hem aýratynlykda 15,25 million ýewro pul baýragy bilen sylaglanar. Toparlaýyn duşuşyklaryň her biri üçin aýratynlykda töleg tölenýär. Onda ýeňiş gazanýan topara 2,7 million ýewro, deňme-deň oýnan topara bolsa 900 müň ýewro tölenýär.
Pleý off tapgyryna çykan toparlara hem goşmaça töleg, 1/8 final tapgyryna 9,5 mln ýewro, çärýek finala 10,5 mln ýewro, ýarym finala 12 million ýewro hem-de final tapgyryna gatnaşan topara 15 million ýewro töleg tölener. Final tapgyrynda ýeňiş gazanan topara hem 4 mln ýewro töleg bardyr. UEFA superkuboga gatnaşýanlygy üçin ýeňiji topar 3,5 million ýewro, onda hem ýeňiş gazananana goşmaça 1 million ýewro möçberinde baýrak bardyr.
Ýewropa ligasy barada aýdylanda, onda bu turnirde toparlaýyn tapgyra çykan toparlaryň ählisine 2,92 mln ýewro, toparda ýeňiş gazanan topara 500 müň ýewro, deňme-deň oýnan topara bolsa 190 müň ýewro tölenýär. 1/16 tapgyra gatnaşýan her topara 500 müň ýewro, 1/8 tapgyr üçin 1,1 mln ýewro, 1/4 tapgyr üçin bolsa 1,5 mln ýewro töleg berilýär. Ýarym finala gatnaşjak futbol toparlaryna 2,4 mln ýewro hem-de finala çykan topara 4,5 mln ýewro baýragy beriler. Ýewropa ligasynyň ýeňijisi bolan topara şondan daşary 4 mln ýewro töleg tölener.
Ýene bir maglumata ünsi çeksek, reýtingde iň pes görkezijili topar 71,430 müň ýewro hem-de iň ýokary görkezijili topar 3,42 million ýewro baýragy bilen sylaglanar.
UEFA gatnaşyjylar näçe gazanýar?
