Redmi kompaniýasynyň nobatdaky smartfony ýakyn günlerde ulanyjylar köpçüligine ýetiriler. Şunlukda Xiaominiň subbrendi gymmat bolmadyk bahasyna garamazdan Snapdragon 865 prosessoryna eýe bolar.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy Lýu Weýbing şereketiniň ýakyn geljekde meýilleşdirýän önümçiligi barada maglumat berdi. Oňa laýyklykda mundan başga-da, kompaniýanyň bahasy köpler üçin elýeter boljak kuwwatly smartfony öndürjekdigi barada aýdylýar. Önümçiliginiň haçan ýola goýuljagy hem-de gurluşy barada heniz belli maglumatlaryň ýokdugyna garamazdan, bilermenler onuň adynyň takmynan ozal Xiaominiň markasy bilen çykan Mi 10T modeli boljakdygyny ýazýarlar. Ol Ýewropanyň bazarynda K30T ady bilen peýda bolar. Bu gürrüňi edilýän iki modeliň ikisi hem soc Snapdragon 865 prosessory esasynda işlär.
Täze göz öňüne tutulýan model Pro görnüşlerinde hem hödürlener. Onuň tehniki aýratynlyklary, häsiýetnamasy barada aýdylanda, ol Full HD+ 6,67 dýuýmlyk IPS ekran bilen üpjün ediler. Onuň selfi kamerasy 20 megapiksel durulykda bolup, esasy kameralary 64 hem-de 108 megapikselde bolar. Smartfonyň batareýasy 5 müň mA/sag kuwwatlykda we 33 wattlyk çalt zarýadlandyrma ulgamynda bolar.
Bulardan başga-da, gadjetiň gurluşynda mobil torunyň bäşinji nesli, NFC ulgamy, iki sim karta üçin mümkinçilikler ýerleşdiriler. Onuň operatiw ýady bolsa 6 hem-de 8 gigabaýta barabardyr.
Redmi täze smartfonuny hödürleýär
