Ruslaryň “Kommersant” gazeti “Союзмультфильм” kinostudiýasynyň Yellow, Black and White studiýasy, şeýle-de “Россия 1» we СТС teleýaýlymlary bilen bilelikde Çeburaşka barada doly metražly multfilmi surata düşürmegi meýilleşdirýänligi barada habar berýär. Multfilmiň býujeti takmynan 600 million rubl bolar.
“Союзмультфильм” kinostudiýasynyň ýolbaşçysy Ýuliana Slaşewa täze multfilmi döretmekde onuň ýazary Eduard Uspenskiniň maşgalasyndan ähli rugsatlaryň alnandygyny belleýär. Onuň esasy gahrymany bolan Çeburaşkanyň daşky keşbi kompýuter grafikasynyň kömegi bilen dörediler. Multfilmiň beýleki personažlary hem galamda şekillendirilmän, ýörite kompýuter grafikasyna eýe bolarlar. Bu barada bolsa YBW kinostudiýasynyň ýolbaşçysy Eduard Iloýan habar berýär.
Çeburaşkanyň, şeýle hem krokodil Genanyň başdangeçirmeleri baradaky sýužetli multfilm öňümizdäki ýylda surata düşürilip, 2022-nji ýylda bolsa tomaşaçylar köpçüliginiň dykgatyna ýetiriler.
Çeburaşkanyň başdangeçirmeleri täzeçe suratlandyrylar
