Google kompaniýasy eşidişi pes adamlar üçin täze sesleri duýduryjy funksiýany oýlap tapdy. Ol eşitmek mümkinçiligi pes derejedäki adamlara dürli hili ýaramaz hadysalar barada duýdurýan aýratynlygy özünde jemleýär. Ol push-ulgamy esasynda smartfonyň wibrasiýa bermegi ýa-da çyrasynyň ýanmagy esasynda habar berýär.
Kompaniýa bu ulgamyň dünýädäki 466 million töweregi ses eşitmezlikden ejir çekýän adamlara kömek etmek bilen çäklenmän, eýsem nauşnik ýaly enjamlarda aýdym diňleýänleriň ünsüniň sowulmazlygy üçin hem peýdaly boljakdygyny belleýär.
Täze ulgam kesgitlenen 10 sany ses barada habar berýär. Ol push habar beriji esasynda habarly edýär. Smartfonyň mikrofony esasynda sesleri tanamaga ukyply bolan bu funksiýa dürli gohlary, çagalaryň sesini, gykylyklary, suwuň akyşynyň sesini, signalizasiýalary, gapynyň kakylmagyny we telefon jaňlarynyň sesini tanap bilýär. Mundan başga-da, ulanyjylar özlerine gerek sesleri we olar baradaky maglumaty islän wagtlary alyp bilýärler.
Android ulgamyndan daşary hem bu ulgam Google Wear OS “akylly” sagatlarynda hem işläp bilýär. Kompaniýanyň hünärmenleri eşidişi pes bolan adamlar üçin bu ulgamyň örän peýdaly hem wajypdygyny belleýärler.
Ses habar beriji ulgamy Google Play-den ýükläp alyp bolýar. Onuň iOS-daky görnüşi biraz köp sesi tanamaga ukyplydyr.
Google-yň eşidişi pes adamlar üçin döreden funksiýasy
