“Mançester Ýunaýted” futbol toparynyň hüjümçisi Markus Reşford Britan Imperiýasynyň Ordeniniň kawaleri diýen hormatly adyň eýesi boldy. Bu dereje futbolça pandemiýa döwründe çagalara edýän kömegi üçin berildi. Bu habar Sky Sports habarlar agentliginiň sahypalarynda ýetirilýär.
Britan şa aýalynyň doglan güni bilen baglanyşykly bu baýrak seremoniýa şu ýylyň iýun aýynda bolmalydy. Emma ol pandemiýanyň fonunda çökgünlik döwründe adamlaryň edýän haýyr-sahawatlary ýaly ýagdaýlar bilen baglylykda uzaga çekmeli boldy. Bu babatda Markus Reşford döwlet häkimýetiniň işine uly goşandyny goşup, çagalaryň iýmitlenmek mümkinçiligini öz boýnuna aldy we olaryň bütin tomsuň dowamynda bolelin iýip-içmeklerini doly üpjün etdi.
Mundan öň futbolçy ýetmezçilik çekýän britan çagalary üçin aýratyn 3 million funty ýygnap goýupdy. Britan hökümeti bu programmany tomsuň ahyryna çenli dowam etdi we ony has-da giňeltmek üçin 120 funt sterlingi ortaça (134 million ýewro) aýryp goýdy.
Reşford hormatly adyň eýesi boldy
