ABŞ-nyň habarlar gullugynyň habaryna görä, 700 ýyllyk hytaý şekillendiriş sungatynyň dürdäne eserleriniň biri hasaplanýan “Bäş serhoş şazada öýüne gaýdyp gelýär” atly surat eseri Gonkongdaky “Sotheby’s”-de 41,8 million dollara auksiona çykaryldy.
Iki metrlik surat, XIV asyryň meşhur hytaý suratkeşi Ren Renfa tarapyndan çekilipdir. Onuň ajaýyp we gaýtalanmajak gözellige eýe eserleriniň köpüsi (jemi 21 sany surat eserini döreden hasaplanýar) muzeýlerde we hususy ýygyndylarda saklanýar. Suratkeşlik eseri imperiýanyň gymmatly ýygyndylarynyň bir bölegi bolup, onuň ýüzünde birnäçe hökümdaryň möhürleri bar. Satuwa goýlan suratyň başlangyç bahasy 10-15,5 million dollar aralygyndady. Suratda atdaky bäş şazada we dört hyzmatkäri şekillendirilýär. Li Longji atly şazadalaryň biri soňra Tang neberesiniň beýleki agzalaryndan has uzak höküm süren imperator Suanzong bolupdyr.