“Apple Inc.” kompaniýasy sişenbe güni 5G aragatnaşyk ulgamly hem-de “iPhone 4”-iň dizaýnyna çalymdaş “iPhone 12” smart telefonlarynyň dört görnüşini köpçülige hödürledi.
Kompaniýanyň Baş direktory Tim Kuk ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Kupertino şäherinde ýerleşýän baş binasynda täze “iPhone 12” önümi bilen tanyşdyrdy. Tanyşdyrylyş dabarasy onlaýn görnüşinde ýaýlym edildi.
Täze iPhone smart telefonlarynyň ekranlarynda “Apple”-iň “Corning” kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda ekranyň berkligini dört esse artdyrýan “Ceramic Shield” tehnologiýasy oturdyldy. “iPhone 12” hem-de onuň “iPhone 12 Mini” görnüşleri gök, ýaşyl, gyzyl, ak we gara ýaly bäş reňkde bolar, “iPhone 12 Pro” hem-de “iPhone 12 Pro Max” görnüşleri bolsa grafit, kümüşsöw, altynsöw we gök reňklerde bolar.
“Apple”-iň täze “iPhone” smart telefonlarynda kompaniýanyň täze “A14 Bionic” prosessorlary oturdylandyr. Kompaniýanyň belleýşi ýaly, bu prosessor 5-nanometrlik tehnologiýany ulanmak bilen döredilip, ol telefonyň işjeňligini ýokarlandyrýar.
Kompaniýa “iPhone”-nyň täze görnüşleriniň toplumyndan gulaklary hem-de zarýad beriji adaptoryny aýyrar. Bu bolsa daşky gurşawa bolan zyýany peselder.