Türkmen tebigatynyň ähli pasly hem owadan, sahawatly, sazlaşykly. Ýöne altyn güýzüň gelişi başgaça bolýar. Danalagyň, arassalygyň öwüşgininde gelýän güýz paslyny wasp etmedik şahyr azdyr.

Dana ata-babalarymyz bolsa güýz paslynyň aýratynlygyny sanaýan nakyllary çintgäp-çintgäp aýdypdyrlar. “Jüýjäni güýz sanaşars”, “Ýeri güýz sür, güýz sürmeseň, ýüz sür”… – bolşy ýaly güýz pasly bereketli pasyldygyny kesgitleýär. Güýz biziň gözümize işeňňirligiň pasly ýaly hem görünýär. Sebabi bu pasylda geljekki gyşa, ýylyň iň sowuk döwrüne taýýarlyk görülýär. Şeýle-de bu pasyl hasylyňy zaýasyz ýygnamagyň iň amatly döwri bolup durýar. Muny Kerim Gurbannepsowyñ setirlerinde hem görmek bolýar:
– Miwe ýetişdimi ýygna güýz wagty.

Ýagýan ýagyş, ýagmyr bereket bolup topraga siňýär. Sähra sary donuna bürenýär. Agaçlardan gaçan sary ýapraklar dökün bolup topraga siňip gidýär. Güýzde bişen ir-iýmişdir bakja önümleriniň ysy bark urýar, tagamy şirin-nabada dönýär. Güýz şahyrlaryň döredijiligine hem uly täsir edýär. Açyk asmanda hatar bolup uçýan durnalar şahyrana adam ömrüniň dowamlylygyny ýatlatsa, ýagýan yzygider ýagyşlar çuňňur oýlara batmagyňa sebäp bolýar. Belki şonuň üçindir, halkymyzda adam ömrüniň orta ýaşdan geçen döwri güýz bilen deňeşdirilýär. Adam orta ýaşdan geçeninden soň, ömründe eden işleri, bitiren hyzmatlary, ýetişmedik maksatlary barada oýlananyny duýman galýar. Tutuş güýz paslyny wasp eden şahyrlarymyz hem bolupdyr. Şeýle şahyrlaryň biri-de Gurbannazar Ezizowdyr. Onuň tebigat baradaky eserleriniň içinde altyn güýz hakyndaky goşgular özbaşyna, aýratyn saýlanyp dur:

– Güýz ýene elleri bilen,
Ýolupdyr şahadan ýapraklaň baryn.

Şeýle ajaýyp döwrümizde güýzi garşylamak biziň hemmämiz üçin ýakymly bolsa gerek. Ýeneki güýzlerde hemmämize agzybirlikde, sag-salamat ýetmek nesip etsin!

TOHU-nyñ talyby Han Mamedkulyýew