14-nji oktýabrda Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.
Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy.
Ylymda, medeniýetde, bilimde, saglygy goraýyşda, sport hem-de syýahatçylyk ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň we hemmetaraplaýyn giňeltmegiň möhümdigi nygtaldy. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi dünýäniň islendik ýurdunyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.
Fransuz tarapy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen ady rowaýata öwrülen türkmen bedewlerini hem-de alabaýlaryny köpeltmekde we wagyz etmekde gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýa Respublikasynyň ilçisini kabul etdi
