Dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryndan “Apple” “iPhone 12” smartfonlary boýunça geçirilen tanyşdyryş dabarasynda özüniň täze geçirijisiz gulaklygyny hem köpçülige görkezdi. “Beats Flex” atly gulaklygy egniňe gowy oturmak bilen gündelik durmuşymyza aýdym-saz diňlenilende, gelen jaňa jogap berlende hem uly ýeňillik döretjekdigi aýdylyp geçildi. Bu gulaklyk aýdym diňlenilende we gelen jaňa jogap berlende dolulygyna awtomat ýagdaýda işleýär. Maýyşgak görnüşli simden ýasalan gulaklyk gulagyňyza rahat dakylýar. Häzirki wagtda gulaklygyň gök, ak, sary we gara reňkleri bar.
Apple-iň täze gulaklyklary
