Göz öňüne tutulýan tapgyrlaýyn film Ilon Maskyň adamlary başga planetada ýaşatmak maksadyna eýerip, özüniň inženerler toparyny döredişine we bu ugurda alyp barýan işlerine bagyşlanar.
Bu filmi HBO telekompaniýasy Ilon Maskyň hem-de onuň döreden esasy şereketi bolan Space X barada surata düşürer. Bu Eşli Wensiň “Ilon Mask, Tesla, Space X we bagtly geljegiň gözleginde” atly kitabynyň esasynda gysgaça göwrümde ekranlaşdyrylar. Bu barada Variety köpçülikleýin neşirinde bellenip geçilýär.
Ilon Maskyň başga bir planetada ýaşaýşy ýola goýmak, ol ýerde Falcon 1 raketasyny gurnamak bilen adamzat üçin täze bir adany döretmek babatdaky meýillerini şekillendirjek täze film 6 tapgyrdan ybarat bolar. Bu filme Crew Dragonyň maý aýynda kosmosa goýberilişi bilen bagly kadrlar hem goşular.
Häzirlikçe bu filme hiç bir at oýlanyp tapylmady, şonuň bilen birlikde hem onda çykyş etjek aktýorlar düzümi hem häzirlikçe nämälimligine galýar. Bellemeli zat, bu taslamada Maskyň özi çykyş etmez. Filme “Startrek: bakylyk”, “Aňyň awçysy” hem-de “Banşi” ýaly meşhur filmleri surata düşüren Dag Janga ynanyldy. Prodýuserlik hem ssenaristlik eder.