Netflixiň täzeden surata düşürilmegi meýilleşdirilýän bu filminde Şerlok Holmsyň hem-de Doktor Watsonyň jadygöý aýalyň jadysyndan soňra şäherde çagalaryň ýitirim bolmagy bilen bagly wakalar suratlandyrylar.
Umuman, ýakynda Netflix telefilm kompaniýasy ýaş detektiw Şerlok Holms barada taslamany ekranlaşdyrar. Doly metražly bu film “Sherlok Junior” diýlip atlandyrylar. Film şu günki wakalar esasynda bolar. Onda ýaş Şerlok Holms hem-de Doktor Watsonyň jadygöý aýalyň jadysy bilen şäherde çagalaryň ýitirim bolmagy, detektiwleriň onuň üstüni açmaga synanyşygy beýan ediler. Filmiň sýužetinde onuň ýaş baş gahrymanlary dürli hili kynçylyklara uçrap, gara güýçleri ýeňip geçmäge synanyşýarlar. Doly metražly filme “Jaň” we “Dambo” ýaly işleri bilen meşhurlyga eýe bolan Eren Krýuger ssenaristlik eder. Häzirlikçe filmiň režissýorynyň kim boljakdygy aýdylmaýar, şeýle-de onuň aktýorlar düzümi heniz anyklanmady.
Bellesek, üstümizdäki şu ýylda Netflix kompaniýasy “Enol Holms” filmini surata düşüripdi. Ol hem filmde Şerlok Holmsyň kiçi uýasy bolup, özüniň aňtawçylyk ukyplary bilen tapawutlanýar.
Şerlok Holmsyň täze başdangeçirmeleri
