Amerikan alymlarynyň oýlap tapan bu toparlaýyn robotlary ýörite görkezmeleriň netijesinde islendik kynçylygy bolan suratlary çekmäge niýetlenip, reňkleriň sazlaşygyny döredip bilýär. Olaryň esasy wezipeleri hökmünde nakgaşçylyk eserlerini döretmek bolup, goşmaça olarda beýleki robotlara mahsus hereketleri amal etmek mümkinçiligi hem jemlenendir. Bu sungat bilen meşgullanýan robotlar baradaky has giňişleýin maglumatlar Frontiers in Robotics an Al žurnalynda berilýär.
Jorjiýa tehnologik institutynyň alymlary bu robotlary çylşyrymly sungat eserlerini döretmek üçin öndürdiler. Suraty şekillendiren mahallary bu robotlar topary biri-birleri bilen baglylykda işleýärler. Olar umumylykda bir eseri jemlenişip döredýärler. Hünärmen bu taslama barada: “Robotehnika bilen sungatyň baglanyşykly bolmagy täze derejeleri öňde goýýar. Ol biziň işimizde täze mümkinçilikleriň açylmagyna ýardam eder” diýip belläp geçýär. Emma bu ýene öwrenmeli meseleligine galýar.
Robotlaryň şekilleri döretmekleri üçin olaryň her haýsysyna dürli hili reňkler berkidildi. Geljekde bolsa hünärmenler robotlaryň täze reňkleri döretmeginiň üstünde işlemek isleýärler. Hünärmenler tarapyndan hödürlenen bu robotlar dürli sferalarda peýdalanyp bilner.