Boliwiýanyň öňki lideri Karlos Mesa duşenbe güni öňki Ykdysadyýet ministri Luis Arçeniň prezident saýlawlarynda ýeňiş gazanandygyny boýun aldy. Ol “Unitel” teleýaýlymynda efire berlen metbugat ýygnagynda “Biz oppozisiýanyň başynda durýarys we bu ugurda hereket ederis” – diýdi. Mesa, oppozisiýanyň wada berlişi ýaly “netijeleri ykrar etjekdigini” aýtdy.
Boliwiýanyň öňki prezidentiniň pikiriçe, Arçe seslerde “ondan öňde”. Şol bir wagtyň özünde-de syýasatçy raýatlary mejlisdäki orunlaryň takyk paýlanyşyny bilmek üçin ses berişligiň gutarmagyna garaşmaga çagyrdy.
Duşenbe güni agşam “Unitel” teleýaýlymy, Arçeniň birinji tapgyrda ýeňiş gazanmagy mynasybetli, çykyş soragnamalaryny ýaýratdy
Ýekşenbe güni geçirilen saýlawlar geçen ýylyň 20-nji oktýabrynda geçirilen ses berişligiň netijesi ýatyrylansoň çagyryldy. Soňra Boliwiýanyň ofokary Saýlaw Kazyýeti (WIS) şol wagtky prezident Ewo Moralesiň ýeňiji bolandygyny yglan etdi. Esasy garşydaşy Karlos Mesa bu netijeleri kabul etmekden ýüz öwürdi we ýurtda protestler başlandy. Üç hepde dowam eden demonstrasiýadan soň Morales işinden çekildi we Boliwiýadan çykdy.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby