ABŞ-nyň prezident saýlawyndan bir gün öň adaty sowadyjy ululygyndaky asteroid Ýere düşüp biler. Muny Amerikaly astrofizik Neil Degrass Taýson mälim etdi.
“Sowadyjynyň ululygyndaky “2018VP1” kosmos gaýasy sagatda 25 000 mil (sagatda 40.2 müň km) tizlik bilen bize ýakynlaşýar. Ol prezident saýlawyndan bir gün öň, 2-nji noýabrda Ýer bilen ýüzbe-ýüz bolup biler “-diýip, alym özüniň Instagram sahypasynda ýazýar.
Taýson bu ululykdaky asteroidiň kän bir zyýan bermejekdigini aýdýar. Awgust aýynda NASA “2018 VP1” asteroidiniň 2-nji noýabrda sagat 6:33-de iň az aralykdan Ýere ýakynlaşjakdygyny habar berdi. NASA-nyň habaryna görä, kosmos obýekti Ýerden 384 müň km uzaklykda uçar. Asteroidiň Ýeriň atmosferasyna girmek ähtimallygy 240 çakalamdan biri ýa-da 0,41 göterim hasaplaýarlar.
“Asteroid 2018 VP1” 2018-nji ýylyň 3-nji noýabrynda hasaba alnypdy. Ol hereket ugry Ýeriň orbitasyndan geçýän “Apollon” asteroidler toparyna degişlidir. Ýeri gelende belläp geçsek, ABŞ-da prezident saýlawy 3-nji noýabrda geçiriler.
Toýly Muhammetdurdyýew
Magtymguly adyndaky TDU-nyň žurnalistika hünäriniň talyby