Türkiýäniň Sakarýa sebitinde ýaşap, uniwersitetde ýokary bilim alýan türkmen ýigidi Almaz Seýidow Instagram platformasynyň gowşak tarapyny tapanda, habar beren kompaniýasy tarapyndan oňa 10 müň dollar baýrak berildi.
Uniwersitet talyby Seýidow, hasabyny Instagramda saklamak üçin başga bir ulanyjy adyny synap, girmäge synanyşdy. Başga bir ulanyjy adyny girizip, paroly täzeden düzmek bölümi arkaly hasaby açyp bilýän Seýidow, paýlaşma sahypasynda howpsuzlyk kemçiliginiň bardygyna göz ýetirip, bu mesele boýunça gözleg geçirip başlady.
Gözlegleriň netijesinde Seýidow bu gowşaklygy gysga wagtda ýapmaly diýip pikir etdi we Instagram plastformasyna eýeçilik edýän «Facebook» şereketiniň degişli hünärmenlerine Instagramda islän hasabyňa girip biljekdigi baradaky habary berdi. Bu howpsuzlyk kemçiligini gürrüňi edilýän web sahypasy kabul edeninden soň, Almaz Seýidow kompaniýa tarapyndan 10 müň dollar we minnetdarlyk haty bilen sylaglandy.
Almaz Seýidowyň özi 4 aý töweregi gözlegleriň netijesinde Instagramda howpsuzlyk gowşaklygyny tapandygyny beýan etdi. Adamlaryň hasaplarynda bidüzgünçiligiň bolmazlygy üçin ýagdaýy degişli kompaniýa habar berendigini mälim eden Seýidow: «Instagram ykjam programmasynda parolymy ýatdan çykardym, düwmesinden başga biriniň ulanyjy hasabyna girip, isleýän hasabyma girip biljekdigime düşündim. Bu ýagdaýy subut etmek üçin käbir meşhurlaryň we oýunçylaryň hasaplaryna girdim, ýöne ýagdaýy subut etmeklik üçin, öz işimi hasaplara zeper ýetirmän alyp bardym.» = diýip nygtady.
Almaz Seýdow Instagrama özüniň açan gowşak tarapyny habar berendigini belläp: «Ýagdaýyň kabul edilmegi bilen maňa minnetdarlyk haty we 10 müň dollar baýrak berildi. Internet ulgamynyň ulanyjylaryna zyýan ýetirmezlik üçin bu säwligi platformalarda tapmaga we öňüni almaga synanyşdym. Indi, adamlar öz hasaplaryny has ygtybarly ulanyp bilerler.» – diýdi
.
Toýly Jänädow
Mary welaýatynyň Mary etrabynyň
Ruhubelent geňeşliginiň ýaşaýjysy