Amerikaly boksçy Teofimo Lopes ýeňil agramda ukrain türgeni Wasiliý Lomaçenko bilen tutluşyk geçirip, ýeňil agramyň dört wersiýasy boýunça çempionlyk gazandy. Lopesiň hasabyna tamamlanan bu jemleýji tapgyryň tutluşygynyň esasy düzgüni ýeňil agram derejesiniň dört sany wersiýasyny öňde goýdy. Türgenleriň bu gapma-garşylygy 12 raunda çenli dowam etdi.
Hepdäniň şenbe güni Las Wegasda geçirilen bu tutluşykda 23 ýaşly Lopesiň ýeňişini emin agzalar 116:112, 119:109, 117:111 ýaly görkeziji netijeler bilen kesgitlediler. Öz gezeginde 32 ýaşly Wasiliý Lomaçenko dünýä boksunyň WBA, WBO we WBC ýaly üç sany halkara wersiýasynda çempionlygyny saklap gelýärdi. Lopes bolsa IBF wersiýasy boýunça dünýäniň çempiony diýen ady eýeleýärdi. Bu tutluşyk Lopese ähli degişli baýraklary gazanmak bilen ýeňil agramyň absolýut çempiony diýen ady gazandyrdy.
Aslynda, bu tutluşygy 30-njy maýda geçirmeklik meýilleşdirilýärdi, emma COVID-19 zerarly yza süýşürildi. Bu tutluşyk Lopesiň karýerasynda 16-njy ýeňşi, Lomaçenkonyň bolsa 14 tutluşykdan 2-nji ýeňlişi boldy.
Lopes — ýeňil agramda dünýäniň absolýut çempiony
