Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2020” atly XXV Halkara maslahaty (OGT-2020) 2020-nji ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Aşgabat şäherinde geçirilýär.
Bu halkara maslahaty “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýetiniň we Beýik Britaniýanyň Gaffney&Cline kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk etmekliginde “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri tarapyndan gurnalýar.
OGT (“Türkmenistanyň nebiti we gazy”) halkara maslahaty daşary ýurtly kompaniýalaryň Türkmenistan bilen nebit-gaz pudagynda hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we pugtalandyrmaga gönükdirilen ýylba-ýyl geçirilýän uly ähmiýetli çäredir.
Halkara maslahatynyň dowamynda bilermenler dünýäniň ýangyç-energetika pudagyndaky ösüşler we özgermeler babatynda, şeýle hem Türkmenistanyň energetika diplomatiýasy, TOPH gaz geçirijisi, Hazar deňziniň Türkmen bölegine maýa goýumlaryny çekmek hem-de gaz-himiýa taslamalarynyň geljegi barada çykyş ederler.
OGT-2020 täzeçe usulda gurnalyp, halkara maslahatyna adaty tertipde gatnaşmak bilen bir hatarda “Zoom Professional” platformasy arkaly dünýäniň 70-den gowrak ýurdundan onlaýn görnüşde gatnaşyp bolar. Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar hem (adaty we onlaýn) gatnaşyjylar üçin şeýle görnüşde gurnalar.
OGT-2020 halkara maslahaty barada giňişleýin maglumaty www.ogt-turkmenistan.com
Internet saýtyndan, şeýle hem info@turkmen-forum.com
e-poçta ýa-da +993 12 920399 telefon belgisi boýunça habarlaşmak arkaly alyp bilersiňiz.
28-29-njy oktýabrda XXV halkara nebitgaz forumy öz işine başlaýar
