Ruslaryň meşhur «Союзмультфилм» kinostudiýasy “Dur, bakaly!” multfilminiň esasy gahrymanlarynyň biri bolan towşanjygyň filmiň täze şekillendirilişinde çykyş etjek gutarnykly wizual keşbini tanyşdyrdy. Bu keşp 30 töweregi wariantyň biridir. Bu barada studiýanyň resmi habarlar gullugy 26-njy oktýabrda habar berdi.
Bu barada kinostudiýanyň baş prodýuseri TASS habarlar gullugyna beren interwýusynda şeýle belleýär: “Towşanyň keşbini döretmekde onuň häsiýetli aýratynlyklarynda balansy tapmak hem-de onuň nusgawy keşbine meňzetmek esasy meselä öwrüldi.”. Muňa garamazdan, towşanyň täze keşbinde birnäçe üýtgeşmeleri görmek bolýar. Mysal üçin, onuň murtlarynyň aýrylmagy, gulaklarynyň formasynyň üýtgedilmegi we täze saç goşulmagyny belläp bolar. Ol täze keşbinde köýnekçeli, jalbarly hem-de eli sagatlydyr. Belläp geçsek, oňa aktýor hem şowmen Dmitriý Hrustalýow ses berýär.
Sentýabrda belleýişlerine laýyklykda, “Dur, bakaly!” multfilmindäki möjege Garik Harlamow ses bermeli diýlip kesgitlendi. Şol wagt hem möjegiň keşbini doly döredipdiler.
Kinostudiýa “Dur, bakaly!” multfilminiň täze tapgyrlaryny döretmäge doly girişdi. 2020-nji ýylyň bu multfilminde täze personažlaryň birnäçesi çykyş eder — barsuk Tim, kirpijik Şu we keýijek Ulýa. Tapgyrlaýyn multfilm “Roza Hutor” kurorty bilen bilelikde surata düşüriler.