Counterpoint Research diýlip atlandyrylýan analitik kompaniýa smartfonlary barlagdan geçirip, 2020-nji ýylda Nokia smartfonlarynyň beýleki enjamlara garanyňda ulanyjylar tarapyndan has ýokary baha eýe bolandygyny anyklady. Bu barada RIA Nowosti habar berýär.
Bu ugurda geçirilen barlaglarda hünärmenler smartfonlaryň programma üpjünçiliginiň hiline, howpsuzlyk täzelenmelerine, hilini ýokarlandyryş aýratynlyklaryna we korporatiw segmentde ulanylyşyna baha berdiler.
HMD Mobile (Nokia) enjamlary OnePlus we Samsung smartfonlaryndan tapawutly aýratynlyklary bilen öňe saýlandy. Mundan başga-da, ulanyjylar “Nokia” smartfonlarynyň “Android 10” esasda işleýiş aýratynlygyna ýokary baha berýärler.
Belli bolşy ýaly, mundan ozal “Samsung” rekord ölçegli gadjet displeýini döredipdi. Bu işe Stenford uniwersitetiniň alymlary hem gatnaşdy. Alnan panelde bar bolan piksel dykyzlygy görkezijisi bir dýuýmda takmynan 10 müňe deň boldy. Ol displeý ekranlary görüş organlaryna ýakynda ýerleşýän enjamlar üçin niýetlenendir. Häzirki wagtda smartfonlaryň bir dýuýmda piksel dykyzlygy 400 bilen 500-e barabardyr.