Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasy “akylly öý” üçin täze datçigini köpçülige hödürledi. Indi bazarda suwuň syzyşlaryny anyklamak üçin niýetlenen Xiaomi Mi Leak Detector atlandyrylýan datçiklere gabat gelmek bolar.

“Xiaomi Mi Leak Detector” enjamy hytaý öndürijisine tanyş dizaýny aldy. Sensoryň aşhanada, hammamda ýa-da başga bir ýerlerde gurnalyp bilinjekdigini aýdýarlar. Bu enjam käbir ýagdaýlarda hatda ýerzemine hem oturdylyp bilner. Öndüriji, Xiaomi Mi Leak Detektor datçiginiň gije-gündiziň dowamynda işläp biljekdigini belleýär. Enjamyň aýratynlygy, syzmak arkaly duýduryş bermek ýa-da öýde suw almak mümkinçiliginiň dörän ýagdaýynda datçigiň smartfona habar bermegini gazanmagy göz öňüne tutýar.

Bu täzelik eýýäm Hytaý bazarynda eýýäm köpçülikleýin satuwa hem çykaryldy. Onuň halkara bazarynda hödürlenjekdigi barada welin heniz habar berilmeýär. Öndüriji kompaniýa “Xiaomi Mi Leak Detector” datçiginiň bahasyny bary-ýogy 9 dollar diýip kesgitledi. Sensoryň beýleki umumy aýratynlyklary hem heniz belli däldir.