Madagaskaryň we Germaniýanyň gözlegçi-alymlary Madagaskar adasynyň demirgazyk böleginde geçiren ekspedisiýalarynyň çäginde Furcifer voeltzkowi hameleon jandaryny tapdylar. Bu barada Guardian gazeti 30-njy oktýabrdaky sanynda ýazýar.

Jandaryň bu görnüşi barada ilkinji gezek 1893-nji ýylda maglumat berlipdir, ony soňky gezek bolsa 100 ýyldan gowrak wagt mundan ozal, has takygy 1913-nji ýylda görüpdirler.

Bu täsin jandar barada “Ýiten görnüşleriň gözleginde” atly programmanyň ýolbaşçysy Don Çerç şeýle belleýär: “Woelskowyň hameleony biziň dünýämiziň bezegi bolup durýar, şeýle-de ol Wudro Wilson prezident bolanyndan bäri görmedik görnüşlerimizde hem täzelikleri görmek ulmydymyzyň bardygyny ýada saldy. Indi bize bu adaty bolmadyk reptiliýa barada köp zatlary öwrenmek we ony ýitip gitmek howpundan halas etmek galýar”.

Furcifer voeltzkowi hameleony özüniň mämişi, gyzyl, ýaşyl, gara we ak ýaly dürli hili reňkleri bilen tapawutlanýar. Olar özleriniň keýplerine görä reňklerini üýtgedip bilýärler. Salamandra žurnalynda alymlaryň ýazan dokladynda bellenşine laýyklykda, Furcifer voeltzkowi hameleonlary diňe Madagaskar adasynda gabat gelýän Laborda hameleonlary bilen berk baglanyşyklydyr.

Laborda hameleonynyň ömri bary-ýogy 4-5 aýdyr. Olar noýabr aýynda ýagyş ýagmagy bilen dogulýarlar, çalt önüp-ösüp ýetişýärler. Olar ýanwar aýyna çenli eýýäm ulalyp, bu wagt aralygynda hem köpelip başlaýarlar. Hameleonlar fewralyň ahyrynda we martyň başynda ýumurtga taşlaýarlar we 8 aý töweregi wagtdan ol ýumurtgalardan olaryň çagalary peýda bolýar. Bu jandarlaryň hemmesi diýen ýaly öz çagalary heniz ýumurtgada mahaly ölýärler.