Samsungyň geljekki çeýe ekranly smartfony baradaky maglumatlar Bütindünýä intellektual hojalyk guramasynyň (World Intellectual Property Organization, WIPO) saýtynda ýetirilýär.

LetsGo Digitalyň habarlarynda bolsa ägirt kompaniýanyň geljekki önümçiliginde kitap formatly smartfonlary öndürmegi meýilleşdirýändigi aýdylýar. Gürrüňi edilýän gadjet hem eplenýän çeýe forma eýedir. Onuň daşky tarapynda hem kömekçi displeýiň bolmagy onuň aýratynlygy boplup durýar.

Ulanyjylar çeýe displeýi diňe bir el bilen däl-de, eýsem ýörite niýetlenen S Peniň kömegi bilen hem dolandyryp bilýärler. Bu ýörite niýetlenen galamy ýerleşdirmek üçin bolsa smartfonyň aşak böleginde ýer göz öňüne tutulandyr. Ýene-de berilýän käbir maglumatlara laýyklykda, maýyşgak smartfon bilen birlikde onuň S Pen ulgamyny hem AES Active Electrostatic tehnologiýasy bilen üpjün ediler.

Esasy bellemeli ýeri bolsa, bu konstruksiýanyň Smasung Z Fold 3 smartfonuna degişli bolup durýanlygydyr. Onuň önümçiligine bolsa öňümizdäki ýyla garaşylýar.