Meşhur Toyota kompaniýasy özüniň Yaris kysmynyň Toyota Yaris Cross görnüşini bütin dünýä ýüzüne satuwa çykardy. Ýadymyzda bolsa, Toyota Yaris ulagynyň bu görnüşi 31-nji awgustda diňe Ýaponiýanyň çäginde satylyp başlanypdy. Indi bolsa ol dünýä bazarynda alyjylar köpçüliginiň islegini kanagatlandyrar. 2-nji noýabrdan başlap, Awstraliýanyň dilerleri awtoulagyň köp sanlysyny sargyt alarlar. Ýewropa ýurtlarynda hem hyrydary köp bolan bu awtoulag ýylyň ahyrlarynda köpçülikleýin satuwa ýaýradylar.

Toyota Yaris Cross — bu täze subkompakt krossower. Onuň uzynlygy 4180 millimetre barabar. Modeli boýunça ol kompaniýada C-HR modelinden bir basgançak aşakda durýar. Göwrümi boýunça awtoulag Nissan Juke bilen deňdir.

Biziň ýurdumyzda hem amatly awtoulaglaryň biri hasaplanýan Yaris kysmy bilen deňeşdirilende onuň täze görnüşi 240 mm uzayndyr, ini 20 mm we boýy 90 mm beýikligi bilen tapawutlydyr.Tigiriniň baza ölçegi deňdir — 2560 mm. Şeýle hem täze görnüş adaty Yarisiň nowasyndan düýpli tapawutlydyr.

Gürrüňi edilýän Yaris Cross 1,5 litrlik, 120 at güýjüne eýe bolan M15A-FKS bilen üpjün edilendir. Onuň gibrid modeli bolsa 91 litrlik M15A-FXE güýçli benzin hereketlendirijä we 80 güýçli elektromotora eýedir. Gurluşynyň umumy kuwwaty 85 kWt (116 at güýji) barabar. Bellenişine görä, bu adaty DWS-den 40% täsirlidir. Onuň 100 km aralyga ýakýan benzini 3,25 litrdir.