“Raspberry” kiçijik klawiatura bilen ilkinji uniwersal mini-kompýuter hödürledi diýip, Hi-Tech.Mail.ru habar berýär. Internet bilen işlemäge, resminamalaşdyrmaga, programmirlemegi öwretmäge we beýleki meseleleri ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän ARM prosessorly “Raspberry Pi 400” kiçi kompýuterde oturdyldy. Kompýuter klawiatura jaýynda ýerleşýär, oňa diňe monitor gerek – iki HDMI jaý.

Kompýuteriň tehniki aýratynlyklary hem erbet däl – iň ýokary ýygylygy 1,8 GGs we 4 gigabaýt RAM bolan 4 ýadroly Cortex-A72. Windows 10 ýaly dürli operasiýa ulgamlarynda gurup bolýar. Şeýle hem, portlaryň toplumy bar – iki USB 3.0, biri USB 2.0, mikro SD üçin ýeri we hatda LAN porty. Wi-Fi we Bluetooth hem bar.

Bu täze nesil kompýuterine syçanjygy we islendik monitory ýa-da telewizory birikdirip, taýýar kompýuter hökmünde ulanylyp bilner. Iň esasy zat, şuňa meňzeş kompýuteriň bahasy 70 dollar töweregi hasaplanýar.