Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer M.Geldinyýazow «Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynyň» işlenip taýýarlanylmagy babatda alnyp barylýan işler hakynda hasabat berdi. Şol taslama ýaş nesle ýokary hilli bilim bermek we hünär öwretmek, häzirki zaman tehnologiýalaryna, sanly bilime, öňdebaryjy tejribä daýanyp, bilim ulgamyny innowasion taýdan ösdürmek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, sagdyn ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we hemmetaraplaýyn goldamak barada milletiň Lideriniň öňde goýýan möhüm wezipelerinden ugur alnyp taýýarlanyldy.

Bu Konsepsiýanyň esasy maksady sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, tebigy we takyk ylmy ugurly dersleri okatmagyň mazmunyny baýlaşdyrmak we usulyýetini döwrebaplaşdyrmak arkaly bilim we terbiýe bermegiň hilini has-da ýokarlandyrmak we halkara ülňülere laýyk getirmek bolup durýar.

Bellenilişi ýaly, ýaşlaryň mekdepde okaýan döwründe özlerine hünär saýlap almagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär.