Duzly kelem B, K, U, A witaminleriniň çeşmesidir we köp keselleriň öňüni almaga ukyplydyr. Kelemde koronawirusyň öňüni almak we bejermek üçin lukmanlar tarapyndan maslahat berilýän limondan has köp C witamini bar. Duzlananda bu witamin azalmaýar, tersine peýdaly aýratynlyklaryny ýokarlandyrýar. Şeýle hem düzüminde saglyk üçin möhüm bolan kaliý we kalsiý bar. Kaliý ýürek saglygy keselleriniň öňüni alýar. Maglumat üçin ozal probiotiklere baý kelem içege mikroflorasyny dikeltmek üçin näsaglara lukmanlar tarapyndan maslahat berilýär.

Köp adamlar kelem gastritden we aşgazan ýarasyndan ejir çekýän adamlar üçin amatly diýip hasaplaýarlar. Bu hakykatdanam şeýlemi? Bir tarapdan kelemde aşgazanyň işini sazlaşdyrmaga ukyby bolan U witamini bar. Kelem beýleki tarapdan, aşgazany gaharlandyryp, gaz döredip we aşgazan suwuklygyny ýokarlandyryp biler. Şol sebäpli aşgazan ýarasy bolan näsaglar seresap bolmalydyr.

Kelem horlanmak isleýänleriň halaýan önümidir. Sebäbi onda kaloriýa pes bolýar. Dietologlar kelemi horlandyryjy häsiýetli önüm hökmünde maslahat berýärler.

Kelemde aýallaryň gözelligi üçin peýdaly elementler bar: saçlary ýagtylandyrýan we dyrnaklary güýçlendirýän ýod, nikotin kislotasy. Geň zat, ýüz üçin kosmetiki maskalar taýýarlanylanda hem kelem ulanylýar. Bu örtük derini nemlendirýär, arassalaýar.