26-njy noýabrda Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Dokma senagaty ministrliginiň we onuň kärhanalarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinň hem-de Söwda-senagat edarasynyň düzümleriniň hünärmenleriniň we Hindistan Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly işewür duşuşyk geçirildi.

Duşuşyga şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Pithambaran Nair hem-de Hindistanyň iri kompaniýalarynyň birnäçesiniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Gepleşikleriň esasy meselesi iki ýurduň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny, ilkinji nobatda, ýeňil senagat ulgamynda, dokma we deri önümlerini ibermek babatda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň usullary we gurallary bilen baglanyşykly boldy.

Hindi tarapy şeýle hem dokma hem-de deri senagatynda toplan baý tejribesi barada gürrüň berip, pudaklaýyn önümçiligi guramak hem-de çig maly we taýýar önümi ibermek ulgamynda özara gatnaşyklara taýýardygyny beýan etdi.