Balkanabat şäherinde welaýatyň baş metjidi açyldy.
Balkan welaýatynyň baş metjidi döwrebap we häzirki zaman ülňülerinde guruldy. Bu metjidiň umumy meýdany 14,5 gektardyr. Onuň binasy 2 gatdan ybaratdyr. Bir wagtyň özünde bu ýerde 3 müň adam namaz okap bilýär. Metjidiň minaralarynyň her biriniň boýy 63 metr. Gümmeziniň beýikligi bolsa 40 metre deňdir. Şeýle hem metjidiň gapdalynda 1 müň 500 orunlyk sadaka jaýy, 50 orunlyk myhmanhana we awtoduralga bar.
Metjidiň daş-töweregi abadanlaşdyryldy we müňlerde agaç nahallary oturdyldy.
Balkanabat şäheriniň görküne görk goşýan bu metjit ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň türkmen gurluşykçylary tarapyndan guruldy.