Italýanlar “AstraZeneca”-dan koronawirus sanjymyny üç ýewrodan hem arzan satyn alyp bilerler. “Interfax” -yň habaryna görä, bu barada kompaniýanyň Italiýa bölüminiň başlygy Lorenzo Wittum tarapyndan maglumat berlipdir.

Indi bolsa sanjymyň aýratynlyklary hakynda belläp geçsek, koronawirus sanjymynyň ýaramlylyk möhleti alty aý hasaplanýar. Ony öýde – sowadyjyda, iki gradus sowukdan sekiz dereje maýyllykda saklap bolýar.

Wittum sanjymyň ätiýaçlyklarynyň Italiýanyň paýtagty Rim şäherinde saklanýandygyny aýtdy. Waksina ulanmak üçin tassyklanandan soň, ilata çalt paýlanyp bilner.

Angliýanyň farmaseptika kärhanasy “AstraZeneca” tarapyndan işlenip düzülen COVID-19 koronawirus sanjymy, Angliýada we Braziliýada geçirilen aralyk synaglarda ortaça 70% netijeliligini görkezdi. Deslapky synag netijeleri 90% netije berdi. “AstraZeneca” sanjymy ulanylmaga rugsat berilse 2021-nji ýyla çenli sanjymyň 3 milliard dozasyny öndürmäge mümkinçilik bolar.

Ondan öň, ABŞ-nyň “Pfizer” kompaniýasy Germaniýanyň “BioNTech” kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzülen COVID-19 sanjymynyň 95% täsir edendigini habar berdi. Bu sanjymyň dozasy ABŞ üçin 19.5 dollar (iki komponenti bilen bilelikde 39 dollar), başga bir Amerikan kompaniýasy “Moderna” sanjymynyň her dozasy 25-37 dollar aralygynda bolar.

Russiýanyň “Sputnik” koronawirus sanjymynyň 95 göterim netijelilige eýedigi subut edildi. Onuň iki dozasynyň bahasynyň halkara bazary üçin 20 dollar töweregi boljakdygy aýdylýar. Emma sanjym ruslar üçin mugt bolar.