Bawariýa” futbol klubynyň derwezebany Manuel Noýer Çempionlar ligasynyň yzly-yzyna ýeňişleri üçin täze rekord goýdy. “Zalzburg” bilen geçirilen oýunda (3: 1) hasap bilen nemes derwezeçisi Çempionlar ligasynda yzly-yzyna 15-nji ýeňşini baýram etdi. Noýer 2019/20 möwsümde 11 oýunda ýeňiş gazanan bolsa, bu möwsüm topary bilen bilelikde dört oýuny ýeňişli tamamlady.
Şeýlelikde, Noýer “Ýuwentusyň” hüjümçisi Kriştiano Ronaldunyň rekordyny täzeledi. Portugaliýaly futbolçy 2013/14 we 2014/15 möwsümde “Real” futbol toparynyň düzüminde yzly-yzyna 14 oýunda ýeňiş gazanypdy.
Ýeri gelen, Noýeriň 2019/20 möwsüminde FIFA klassifikasiýasyna laýyklykda ýylyň iň gowy derwezeçisi diýen ada dalaş edýänleriň sanawyna goşulandygyny bellemelidiris. Ronaldu bolsa häzirki wagtda ýylyň iň gowy oýunçysyna gowşurylýan “The Best” baýragy ugrunda bäsleşýär.