COVID-19 koronawirus ýokançlygyny çalt synaglar arkaly her üç günden bir gezek ilatyň 75 göterimini barlap, alty hepdäniň içinde pandemiýany ýok edip bolar. “Business Insider”-iň habaryna görä, bu barada Boulderdäki Kolorado uniwersitetiniň Garward saglyk mekdebiniň gözlegçileri bu barada maglumat berdiler.
Gözlegiň awtory Kolorado uniwersitetiniň kompýuter ylymlarynyň professory Daniel Larremor şeýle diýýär: “Umumy netijämiz, häzir has az synaglary etmeli, sebäbi biziň indi hödürleýän barlaglarymyz has netijelilige eýe. Şonuň üçin biz esasy ünsi şu test barlaglaryny durmuşa ornaşdyrmaga gönükdirmeli”.
“Science Advances” -da neşir edilen gözlegiň netijesine görä, çalt synaglar, ygtybarlylygy pes bolsa-da, hökümetleri diňe çäklendiriji çäreleri däl, eýsem jemgyýetçilik çärelerini hem görmäge çagyrýar. Şeýle hem, çalt synaglar birneme arzan we netijeleri iki gün däl-de, birnäçe minutda görkezip biler.
Alymlar ABŞ-nyň ilatynyň her gün synag edilse, oňyn synag edenleriň izolirlenjekdigini we munuň koronawirusa garşy göreşde uly ädim boljakdygyny aýdýarlar.
Larremoryň aýtmagyna görä, hemmelere öýde galmagy maslahat bermegiň ýerine, bir wirus ýokuşan adamy öýünde izolirläp, galanlaryna adaty durmuşda ýaşamaga mümkinçilik bermeli.
Matematiki modelirlemegiň esasynda geçirilen gözlegler, ilatyň 75 göteriminde her üç günden bir gezek gyssagly synaglaryň geçirilmegi, ahyrsoňunda kesel bolmak mümkinçiligini 88 göterim azaldyp biljekdigini we pandemiýany alty hepdäniň içinde ýeňip boljakdygyny görkezdi.
Bu çalt synaglar keseliň başgalara zyýan derejesini kesgitleýär.