Ýurdumyzda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek barada degişli işler alnyp barylýar. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça taýýarlanan Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işine we guramaçylyk düzümine täze usullar we döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bular barada sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hasabat berildi.

Sanly tehnologiýany işjeňleşdirmegiň çäklerinde döredijilik we önümçilik düzümleriniň arasynda içerki ulgam hereket edýär. Gazetleriň we žurnallaryň redaksiýalary tehniki önümçilik bilen özara gatnaşyklary ösdürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe gazetleriň we žurnallaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça teklipler hödürlenildi.

Döwlet Baştutanymyz gazetleriň we žurnallaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen hödürlenen teklipleri makullap, elektron ulgama geçmek işini çaltlandyrmagy tabşyrdy.