Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi.

Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu günki mejlisiň gün tertibine öňde boljak saýlawlary geçirmäge degişli birnäçe meseleler girizildi. Hususan-da, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň mart aýynyň soňky ýekşenbesinde geçirilýär.

Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça çäreleriň senenamalaýyn meýilnamasyny tassyklady. Saýlaw kodeksine hem-de Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygy yglan edildi.