“IXBT” habarlar gullugynyň habaryna görä, Hytaýda geçirilen “Changsha” kiberhowpsuzlyk we intellektual önümçilik konferensiýasynda Huawei-iň wise-prezidenti we “Huawei China Cloud” we ‘Computing Shi Yaoxun” kompaniýasy smartfon önümçiliginiň tizligi barada maglumat berdi.
Onuň sözlerine görä, soňky ýylda “Huawei” smartfon öndürmek üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaldy. 2015-nji ýylda smartfon öndürmek üçin takmynan 10 minut, 2020-nji ýylda bolsa 27 sekunt gerek boldy.
Ondan öň “Huawei Cloud Computing Technology” -iň başlygy we “Huawei Cloud Business” -iň prezidenti Çen Elelaý kompaniýanyň önümçilik liniýalarynda işleýänleriň sanyny azaldandygyny habar berdiler. Indi bolsa, “Huawei Mate” smartfon liniýasyny kämilleşdirilen dolandyryş ulgamyna laýyklykda öndüriler. 2015-nji ýylda her önümçilik liniýasy üçin 97 adam gerekdi, “Huawei Mate 40” smartfonyny ýygmak üçin bolsa indi 14 adama ýeterlik bolar.
Ondan öň “Huawei”-iň termometrli smartfony patentländigi we kompaniýanyň “Honor” brendini resmi taýdan satandygy habar beriş serişdelerinde habar maglumat berlipdi.