Boloniýada ýerleşýän italýan kompaniýasy “Boarini Milanesi” 7 million dollarlyk zenan torbasyny döretdi. Bu barada “Daily Mail” habar berdi.
Täze “Parva Mea” zenan torbasy ýarym ýalpyldawuk krokodil derisinden we 10 kebelek şekilli şaý-seplerden we ak altyndan ýasaldy. Olarda dört göwher, üç sapfir we umumy agramy 130 karat bolan özboluşly Paraiba turmalin ulanyldy. Torbanyň çeňňeginde göwher gaşy goýuldy.
Kompaniýa diňe üç önüm öndürýär we satylan her garnituranyň 950,000 dollary deňizleri plastik galyndylardan arassalamak üçin ulanylýar.
Ginnesiň rekordlar kitabynyň hasabatlaryna görä, dünýädäki iň gymmat torba “Mouawad 1001” “gijeki göwher” gapjygydyr. Ýürek şekilli aksessuar 18 karat altyn we 4517 göwher bilen bezelendir. Onuň bahasy 3,8 million dollar hasaplanýar.