Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky “The Banker” žurnaly tarapyndan türkmen banklarynyň arasynda iň gowy bank hökmünde ykrar edildi.
Britan maliýe žurnalynyň çarşenbe güni ýaýradan metbugat habaryna görä, banky döwrebaplaşdyrmak babatynda durmuşa geçirilen ençeme çäreler onuň “Ýylyň Banky” atly baýragy bilen sylaglanmagyna uly goşant goşdy.
Bankyň 2019-njy ýylda arassa girdejisi 150%-e barabar bolup, 1-nji derejeli maýasy 112% ýokarlandy. Şeýle hem ýerine ýetirilmedik karz gatnaşygy 1,2% -e deň boldy.
Habarda bellenilişi ýaly, ygtybarly işewürlik modelini döretmek maksady bilen, TDDYIB-y BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) bilen amallaryny sanlaşdyrmak we dolandyryş tejribesini kämilleşdirmek ugrunda iş alyp bardy. Bankomat we töleg nokatlarynyň sany artdyryldy we häzirki zaman serwerleri goşuldy.