«Sputnik V» sanjymynyň iň ýokary bahasy hakynda maglumat berildi. Waksinanyň iki dozasynyň iň ýokary bahasy 10 dollardan az bolar. Bu barada Saglyk ministriniň orunbasary Alekseý Kuznetsowa salgylanyp, “Interfaks” habar berýär.
Onuň sözlerine görä, iki komponentli 5 toplumyň bahasy 9710 rubl. Kuznetsowyň pikiriçe, rus raýatlaryna sanjym etmek mugt we meýletin bolar.
Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň Gamaleýa instituty tarapyndan işlenip düzülen “Sputnik V” atly ilkinji sanjym 11-nji awgustda hasaba alyndy. Sanjym häzirki wagtda 40,000 gatnaşyjy bilen Moskwada synag edilýär. Häzire çenli toparyň ýarysyna eýýäm sanjym edildi.
Şol bir wagtyň özünde sanjym töwekgelçilikli toparlara – lukmanlara, saglyk işgärlerine, mugallymlara ilkinjileriň hatarynda edilip başlandy.