Özünden üç esse agyr barbel daşy bilen maşk eden kanadaly gyz dünýäniň iň güýçli gyzy diýlip yglan edildi. Bu barada “Daily Mail” habar berdi.

Ýedi ýaşly Rory Wan Ulft itekläp götermekde 32 kg ştangany, iň ýokary birbada götermekde 42 kg ştangany arkaýyn göterip biler. Ol iki eli bilen 80 kg hem götermegi hem başarar. Ulft ýaňy-ýakynda 11 ýaşdan 13 ýaş aralygyndaky 30kg agramdaky çagalaryň arasynda agyr atletika boýunça ABŞ çempionatynda ýeňiji boldy. 80 kg agyrlygy göterip bildi.

Gyz bäş ýaşyndan bäri agyr atletika bilen meşgullanýar we hepdede dört gezek sapaklara gatnaşýar. Şeýle hem gimnastika bilen meşgullanýar we sportdan lezzet alýandygy üçin hepdede 9 sagat türgenleşik geçirýär.

Bilşiňiz ýaly, şu ýyl çagalaryň arasynda rekord derejedäki netijeleriň sany gün saýyn artýar. Bulardan öň hytaýly mekdep okuwçysy dünýäniň iň beýik ýetginjegi diýlip ykrar edilipdi.