Bosgunlaryň sany 2020-nji ýylda artyp, 80 milliondan geçdi. Bu täze rekord netijesi hasaplanýar. Maglumatlar Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlar baradaky Ýokary Komissarlygynyň edarasynyň ýyllyk hasabatynda çap edildi. Hasabatda “Administrasiýa şu ýylyň ortalaryna dünýäde göçüp-gonanlaryň sanynyň 80 milliondan geçendigini çaklaýar” -diýdi.
Hasabata görä, yzarlamalar, konfliktler we adam hukuklarynyň depelenmegi netijesinde şu ýylyň başyndan bäri dünýäde takmynan 79,5 million adam başga ýerlere göçürildi. Olardan 45,7 milliony bosgunlar, 29,6 milliony emigrantlar we 4,2 milliony gaçybatalga gözleýänler.
Siriýa, Kongo Demokratik Respublikasy, Somali we Ýemen ýaly käbir ýurtlarda we sebitlerde zorluk täze göçlere sebäp boldy.
Koronawirus pandemiýasynyň öýlerinden gaçmaga mejbur bolan adamlar üçin goşmaça kynçylyklar döredendigi bellendi. Aprel aýynda 168 ýurt epidemiýa sebäpli serhetlerini tutuşlygyna ýa-da bölekleýin ýapdy. 90 ýurt bolsa gaçybatalga gözleýänleri hem kabul etmedi.
2020-nji ýylyň ilkinji alty aýynda bosgunlaryň takmynan 22 göterimi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende öýlerine dolandy. Gaçybatalga gözleýänleriň sany üç esse artdy.
79 ýurtdan gelen maglumatlara görä, 2020-nji ýylyň ortalaryna dünýäde 4,2 million raýatsyz adam hasaba alyndy.