Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi gyş paslynyň dowam edýän günlerinde daşaryk çykylanda geýinmegiň düzgünleri barada ilatymyzy sms-habarnamasy arkaly habarly edýär. Sms-habarnamasynda şeýle diýilýär:

«Hormatly adamlar!

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde, paslyň talaplaryna laýyklykda geýiniň. Daşaryk çykanyňyzda başgap, ýyly egin-eşik, typmaýan aýakgaplary, ellikleri geýiň.

Eger siz şu düzgünleri berjaý etseňiz, ýylyň hemme pasyllarynda öz saglygyňyzy gorap bilersiňiz!»