Moldowanyň mejlisi öňki pensiýa reformasyny ýatyrdy we erkekler we aýallar üçin öňki pensiýa ýaşyny dikeltdi. Bu barada “Korrespondent.net” habar berýär.

101 deputatyň 54-si pensiýa ýaşyny erkekler üçin 62 ýaşdan 63 ýaşa, aýallar üçin 57 ýaşdan 63 ýaşa çenli ýokarlandyrýan kanuny ýatyrmak teklibini goldady. Bu kanun 2016-njy ýylda kabul edilipdi.

Şeýlelik bilen, 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Moldowadaky erkekler 62 ýaşynda, aýallar bolsa 57 ýaşynda pensiýa çykyp bilerler. Mundan başga-da, täze kanun bäş çagasy bolan eneleriň 54 ýaşynda pensiýa çykyp biljekdigini göz öňünde tutýar.

Noýabr aýynda geçirilen prezident saýlawynda ýeňlen Moldowanyň häzirki prezidenti Igor Dodon, prezident hökmünde gol çekmek isleýän iň soňky resminamasynyň pensiýa ýaşyny azaltmak baradaky kanundygyny aýdýar.

Pensiýa reformasynyň tassyklanmagy, Halkara Walýuta Gaznasy tarapyndan Moldowa bilen täze maksatnama gol çekmegiň esasy şertlerinden biridigi bellendi. Şeýlelikde. Pensiýa reformasynyň ýatyrylmagy Moldowanyň daşarky maliýeleşdirmesiniň togtadylmagyna sebäp bolup biler. Kanun hökümetiň pikirini almazdan parlament tarapyndan kabul edildi. Bu bolsa ýurtda parlament bilen hökümetiň arasynda düşünişmezligi ýüze çykarmagy mümkin.