Doly ýeňil agram derejesinde UFC çempiony Deýwison Figueredo (20-1-1) UFC 256 ýaryşynyň esasy söweşinde Brandon Moreno (18-5-2) bilen söweşdi.
Çempionat guşagy üçin oýun deňme-deň tamamlandy we kemer Figueroda galdy.
Braziliýaly pälwan 22-nji noýabrda UFC 255-de Aleks Peresi ýeňipdi. 22 gün geçensoň, Figueredo ýeňijilik adyny adyny ýene goramagy başardy. Şeýlelikde, Deýwison gysga wagtda iki gezek çempionlygy goramak boýunça rekord goýdy.
Şeýle hem, ol UFC taryhynda dördünji söweşiji hökmünde deňme-deň boldy.