Halkara futbol federasiýasy oýunçylaryň pikirleri boýunça 2020-nji ýylyň simwoliki ýygyndysyny kesgitledi. Ýygyndy toparyň düzümine giren oýunçylar The Best FIFA Football Awards 2020 dabarasynda mälim edildi. Bu barada russian.rt.com habar berýär.
Simwoliki topara şular girdi:
Alison Bekker, Trent Aleksander-Arnold, Wirjil Wan Deýk (ählisi – “Liwerpul”), Alfonso Dewis (“Bawariýa”), Týago Alkantara (“Liwerpul”), Serhio Ramos (“Real”), Kewin de Brýoýne (“Mançester Siti”), Ýozua Kimmih, Robert Lewandowski (ikisi-de – “Bawariýa”), Lionel Messi (“Barselona”), Kriştianu Ronaldu (“Ýuwentus”).
Ýylyň topary dünýäniň ähli künjeginden müňlerçe professional futbolçylaryň ses bermegi bilen kesgitlenilýär. Pikir soraşma gatnaşyjylar her orunda iň gowy oýunçyny saýlaýarlar. Ses bermäge 15 878 professional futbolçynyň gatnaşandygy bellenilýär.