“Meduza”-nyň habar bermegine görä, russiýaly 6 ýaşly gyz Anastasiýa Radzinskaýa Forbes žurnalynyň iň köp girdeji gazanan YouTube blogerleriniň sanawyna girizildi. Bu gyz şu ýylyň dowamynda 30 million dollar töweregi girdeji gazandy

Radzinskaýa adaty ýyllyk sanawda ýedinji orny eýeläpdi. Forbes gyzjagazyň ýyllyk girdejisini 18,5 million dollar diýip çaklady.

Radzinskaýa geçen ýyl hem Forbesiň reýtingine giripdi. Şol döwürde ol 18 million dollar ýyllyk girdeji bilen üçünji ýerdedi.

Tehasly 9 ýaşly Raýan Kadji, geçen ýylky ýaly Forbesiň täze sanawynda birinji ýeri eýeledi. Forbes onuň girdejisini 29,5 million dollar diýip çaklady. Ikinji orny 24 million dollar bilen 22 ýaşly Jimmi Donaldson, üçünji orny 23 million dollar bilen “Dude Perfect” kanalyny döredijileri eýeledi.

Anastasiýa Radzinskaýanyň “YouTube” kanalyna Nastýa diýip girýär. Bu kanal gyzyň durmuşy we başdangeçirmeleri baradaky blogdyr. Blogdaky ilkinji wideo 2016-njy ýylda çykdy. Häzirki wagtda bu kanalyň 65 milliondan gowrak abunaçysy bar. Ýeri gelende belläp geçsek, 2018-nji ýyldan bäri Anastasiýa we onuň ene-atasy ABŞ-da ýaşaýarlar.