BBC habarlar gullugynyň habaryna görä, UFC-niň ýeňil agram derejesindäki çempiony Habib Nurmagomedow BBC-niň saýlawy boýunça ýylyň sport ýyldyzy diýlip yglan edildi. Biler bolsaňyz, baýrak her ýyly Angliýadan bolmadyk iň oňat türgenlere berilýär.
Bu baýraga rus pälwanyndan başga-da, “Los Anjeles Leýkers” toparynyň basketbolçysy LeBron Jeýms, beýiklige bökmek boýunça lider Arman Duplantis, “Formula-1” -iň 7 gezek dünýä çempiony Lewis Hamilton, golfçy Dustin Jonson we “Landi” aýallar futbol kluby girýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, 2019-njy ýylda baýrak marafonçy Eliud Kiphoge gowşurylypdy. Habib bolsa 24-nji oktýabrda Jastin Getji bilen bolan söweşde çempionlyk guşagyny gorady we 27-nji oktýabrda UFC umumy sanawynda öňdebaryjy boldy. 32 ýaşly söweşiji söweşden soň sport karýerasyny tamamlajakdygyny mälim etdi.